Garaşsyz Baky Bitarap
Türkmenistan Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek Hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlaryň biridir. Muňa ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurlup ulanmaga berilýän
beýik maksatly-durmuş we döwlet ähmiýetli desgalar şaýatlyk edýär.
Arkadag şäheriniň halkara ölçeglere laýyklykda gurulyp
ulanmaga berilmegi we gurulýan desgalarda “Akylly” şäher we “Akylly” öý
hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýalary
işe girizilmegi muňa mysaldyr.
Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli döwrebap tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak syýasatyndan ugur alýan “Gül ülkäm” hususy kärhanasy mynasyp derejede goşant goşýan kärhanalaryň biridir. Biziň kärhanamyz Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezinde “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasynyň 2 sany 5 gatly 30 öýli ýaşaýyş jaýlarynda 6 duralgaly “Ýükseliş” kysymly 6 sany liftleriniň, “Gök suw” hususy kärhanasynyň 4 sany 5 gatly 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynda 6 duralgaly “Ýükseliş” kysymly 16 sany liftleriň, “Sähedgurluşyk” hususy kärhanasynyň 2 sany 9 gatly 54 öýli ýaşaýyş jaýlarynda 10 duralgaly “Ýükseliş” kysymly 12 sany döwrebap dünýä standarlaryna laýyk gelýän liftleriň gurnamak, sazlamak we işe girizmek işlerini üstünlikli ýerine ýetirdi.
Mundan başgada kärhanamyz Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezinde “Sähetli Türkmen” hojalyk jemgyýetiniň 3 sany 5 gatly 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynda oturdylan 6 duralgaly 12 sany liftleriň, “Polat Gaýa” hojalyk jemgyýetiniň 2 sany 5 gatly 30 öýli we 2 sany 5 gatly 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynda oturdylan 6 duralgaly 14 sany liftleri gurnamak, sazlamak we işe girizmek işlerini ýerine ýetirdi.