Hormatly Prezidentimiz Ahalyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedow penşenbe güni Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu
sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler
bilen tanyşdy.Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow döwlet Baştutanymyza bu
ýerde alnyp barylýan işleriň depginleri barada hasabat berdi. Bu barada
Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Ahal
welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde gurulýan desgalaryň
taslamalary bilen tanyşdy. Şolaryň hatarynda 7 gatly 28 öýli, 56 öýli we 42
öýli, 9 gatly 54 öýli, şeýle-de 5 gatly 30 öýli hem-de 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň
çäginde ýerleşdirilmegi teklip edilýän söwda dükanlarynyň, hyzmat ediş
öýleriniň taslamalary bar.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme
mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de aýry-aýry
ýolbaşçylar gatnaşdylar.