Täzelikler

“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi.

2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gurnamagynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň 2-nji mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly möhüm meselelere seredildi. Mejlisiň dowamynda, BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň hünärmenleri tarapyndan, Pudagara iş toparynyň düzümine girýän ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we jemgyýetçilik guramalarynda, eksport-import bilen bagly amallary elektron görnüşde “Bir penjire” ulgamynyň üsti bilen resmileşdirilmegi babatynda geçirilen seljermäniň netijelerini hem-de bu edaralaryň kanunçylyk binýadyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar boýunça ýüze çykýan soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, mejlise gatnaşýan her pudagyň wekili aýratynlykda, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.