Täzelikler

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça komitet döredildi

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti döredildi.Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu baradaky Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen giňişleýin göçme mejlisiniň dowamynda gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnamanyň, komitetiň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny, komitetiň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini, komitetiň merkezi edarasynyň işgär sanynyň möçberini we degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.